Şimdi yükleniyor

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň “C5+1” formatyndaky hyzmatdaşlygyna 10 ýyl dolýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk, ykdysady, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada öwrülendigini nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň gazanylan netijelere ýokary baha berýändigini hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ-nyň Kongresi bilen özara hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Bu hyzmatdaşlyk kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir. “Soňky ýyllarda Kongresiň wekilleriniň Türkmenistana saparlary amala aşyryldy hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berýän çäreler geçirildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň özara düşünişmegi, syýasy dialogy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýe

Share this content:

Yorum gönder