KAFKASSAM – Kafkasya Stratejik Araştırmalar Merkezi

  1. Anasayfa
  2. »
  3. İran
  4. »
  5. kafkassam İran Türkmen basınında: Eýranda türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan sebitinde ‘çaknyşyk boldy’

kafkassam İran Türkmen basınında: Eýranda türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan sebitinde ‘çaknyşyk boldy’

Kafkassam Editör Kafkassam Editör - - 5 dk okuma süresi
348 0

Eýranyň demirgazygyndaky Gülistan welaýatynda, ilat arasynda Türkmensähra atlandyrylýan sebitde etniki türkmenler bilen etniki zabullaryň arasynda çaknyşyklaryň bolandygy, şeýle-de ýagdaýlara kanun goraýjy güýçleriň goşulandygy barada maglumatlar peýda boldy. Bu barada turkmen.news neşiri we Türkiýäniň Kafkassam

habar berýär. Azatlyk öz çeşmelerine bu ýagdaýlary häzirlikçe doly tassykladyp bilmedi.

Maglumata görä, apreliň aýagynda Ýolma Salýan obasynda ýaşaýan türkmenler bilen Wahdatabad we Ettehad obalaryndaky zabullaryň arasynda konflikt ýüze çykypdyr. Muňa sebiti suw bilen üpjün edýän bendiň üstündäki uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän dawanyň arasynda, 30-njy aprelde Wahdatabad obasyndan geçip barýan bir etniki türkmen oglanyň ýenjilmegi sebäp bolupdyr.

Munuň yzy bilen, oglanyň ene-atasy ogluna hüjüm edilmeginiň sebäbini anyklamak üçin Wahdatabada baranlarynda, olaryň zamun alnandygy aýdylýar. Mundan soň, Ýolma Salýandan 30 töweregi adam obadaşlaryny azat etmek üçin Wahdatabada ýola düşýär. Emma olara seçmedandan, ýagny giň nilli aw tüpeňinden ok atylandygy, wakada bir türkmeniň ölendigi we 25 töwereginiň ýaralanandygy bellenilýär.

Turkmen.news bu ýagdaýlar bilen bagly düşürilendigi aýdylýan suratlary we wideo ýazgyny paýlaşdy. Wideoda garaňkynyň arasynda, öz aralarynda türkmençe gürleşýän motosikilli onlarça adamy, suratlarda bolsa, jynaza namazyndan käbir pursatlary synlasa bolýar.

Eýranly türkmen aktiwistleri öz hukuklarynyň asyrlap basgylanandygyny aýdýarlar
Garaşsyz neşiriň maglumatynda konflikte kanun goraýjy güýçleriň goşulandygy, Ýolma Salýana gözegçiligiň güýçlendirilip, bu oba beýleki sebitlerden gelýän türkmenleriň hem goýberilmeýändigi bellenilýär. Howpsuzlyk aladalary sebäpli, Wahdatabad obasyndaky ýaşaýjylaryň bir böleginiň ewakuasiýa edilendigi hem nygtalýar.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, Azatlyk häzirlikçe öz çeşmelerine dawanyň ýüze çykmagynyň sebäplerini, şeýle-de munuň bilen bagly beýleki jikme-jikleri tassykladyp bilmedi. Turkmen.news eýran metbugatynyň wakany ýaşyrmak üçin, bu barada habar bermeýändigini aýdýar. Galyberse-de, Eýranyň dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň arasynda orun alýandygy sebäpli, bu hadysa barada ýurduň resmi wekillerinden maglumat almak mümkin däl.

Gepiň gerdişine bellesek, Eýranyň demirgazygynda, esasan, etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan sebitlerinde bu ýerli ýaşaýjylar bilen ýüze çykan ilkinji konflikt däl.

Geçen ýylyň martynda Kümmet Howuz (Gümmetkowus) şäherinde kanun goraýjy güýçler ýerli ýaşaýjylaryň protest hereketlerini basyp ýatyrypdylar. Kümmet Howuz şäheriniň ýaşaýjylarynyň närazylyk protestiniň 55 ýaşly bir adamyň, ähtimal, etniki türkmenlerden bolan iki ýaş gyza garşy jynsy gatnaşyk etmegi bilen baglanyşykly ýüze çykandygy aýdylypdy.

Eýranyň demirgazygynda howpsuzlyk güýçleri ýerli türkmenleriň protestini dargadýar (WIDEO)
Eýranda ýaşaýan etniki türkmenlere il arasynda “Türkmensähra türkmenleri” hem diýilýär. Hökümet Türkmensähra adyny resmi derejede ykrar etmeýär.

Eýranda ýaşaýan türkmenleriň ilat sany barasynda takyk maglumatlaryň ýokdugyna garamazdan, käbir çeşmelerde olaryň ilat sanynyň 1 million töweregindedigi ýaly çaklamalar öňe sürülýär. Olaryň Eýranda ýaşaýan administratiw sebitine Gülistan welaýaty diýilýär. Gülistan welaýatynyň merkezi hem Gümmet-kowus şäheridir.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan eýranly türkmenler Eýran yslam respublikasynda öz ene dilini, medeniýetini saklap galmakda kynçylyk çekýändiklerini gürrüň berýärler. Eýran adam hukuklaryny berk depelemekde tankytlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

https://www.azathabar.com/a/31832030.html?fbclid=IwAR2m1pjGNshQs-MB1Al2HkB7JBB3LgdIpAdA99uqF5exRvmswm3PsqD0vWI

İlgili Yazılar

Bir cevap yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir